- huş
- [hu:ş]Adamyň sagdyn aňy, ýady, öz bolşuna, duýgusyna akyl ýetirijilik ukyby.∙ Ol nämedir bir zady huşuna saljak bolýan ýaly küýlenip otyrdy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Anyrsynda)Ýazuw düzgüni: Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Meselem huş - huşum, huşuň.◊ başyňdan huşuňy uçurmak — Biriniň ýa-da bir zadyň güýçli täsiri ýetmek, aljyramak.◊ huşuna gelmek — Aňyna gelmek, özüne gelmek, akylyna aýlanmak.∙ Artyk öz huşuna geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)◊ huşuny almak — Aljyratmak, çaşyrmak.∙ Meniň gyzym huşuny aldyraýypdyr öýdýärin! Heý günde ýüz gezek hem salam bolarmy?! («Türkmen Pýesalary»)◊ huşuň gitmek — Ýatkeşligiň peselmek, aňynyň gaçmak.∙ Aý, Görogly, Seniň huşuň gidipdir! («Görogly» eposy)◊ huşuň göçmek — Huşuň gitmek, huşuň başyňdan aýrylmak.∙ Emma onuň başy aýlanyp, huşy göçdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ huşuňy ýitirmek — Näme edýäniňi bilmän aljyramak, alňasamak, gyssanmak, özüňi ýitirmek.∙ Aýna özüni Artygyň gujagyna oklanda, bütin huşuny ýitirdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.